Terane Turan Rehimli (Azerbaýjan Respublikasy) / Türkmen diline terjime eden Orazmyrat Myradow

 
Terane Turan Rehimli (Azerbaýjan Respublikasy)
 
 
Biz bir-birek üçin döremändiris
 
Iki parhly dünýäň adamlary biz,
Biri gije, gündiz, gör-ä, birinde.
Bakyş, ýürek parhly, ýadyrgaýarys,
Biz bir-birek üçin döremändiris.
 
Meniň arzuwlarym – ýelkensiz gämi,
Seniň tolkunlaryň gozgamaz meni,
Bu söýgi dert bolar aýralyk kimin,
Biz bir-birek üçin döremändiris.
 
Gyýmaryn gursakda ýanan güneşe,
Senem kyn dözersiň oda, ataşa,
Birileşip bilermi, heý, bahar gyşa?
Biz bir-birek üçin döremändiris.
 
Maňa duş gelenleň bary melekdi,
Seň gözüňe hemme mekir – telekdi,
Özüňi aldamak nämä gerekdi?
Biz bir-birek üçin döremändiris.
 
Herimiz bir ruhda. Jedelleşmäli,
Ömür otlusyny iteleşmäli,
Bu soňy görünen ýola düşmäli,
Biz bir-birek üçin döremändiris.
 
 
 
Mende daşa-da söýgi bar
 
Üşedi ýene-de gözlem,
Seniň bakyşyň sowukdy.
Diliň hem doňumy çözmez,
Sözleň mähirsiz, solukdy.
 
Kirpigiňden buz sallana,
Saçlaryňa gar sepilen.
Dodaklaň bilen, hamana,
Gyşyň ýaňagy öpülen.
 
Yaman üşetdiň ruhumy,
Kalbyň buzdur, elleriň – gar.
Gam çekme, dogry, sowuksyň,
Mende daşa-da söýgi bar.
 
 
 
Päk söýgimden tanalaryn
 
Kimden yz galjak dünýäde,
Kimdir biriniň gözi.
Biriniň türbedi aýdar
Kim bolanlygyn,
Biriniň sözi.
Hemmeler isleýär adyn goýmagy,
Ýöne asyrlaryň geçmegi bilen,
Binýady ýalandan bolan
Galalaň galmaz toýny-da.
Adamlar biler baryny,
Ýazgararlar ýalanlary,
Ýakarlar hak sözden galanlaryn hem.
A men…
päk söýgimden tanalaryn men.
 
 

Türkmen diline terjime eden Orazmyrat Myradow

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s