Söỳgi
men her gün irden bu ỳolyn başyna gelỳan
geçjeksin diyip barden
garaşỳan, garaşỳan we garaşỳan…
daşda görünende
kapasyna sygmaz ỳüregim,
läleler açỳar içimde…
anladyp bolmaz ỳylylyk dolaỳar bedenimi
depeden dyrnaga ỳanỳaryn…
ỳolda kim bar kim yok görmeỳän, görüp bilemok.
agaçlary görüp bilemok
we sen ỳakynlaşanynda
donỳar ganym, donỳar hyỳalym
donỳar janym…
geçip gidersin,
bar bolsam da bolmasam da
hasap etmez sen, dünỳä
ỳa-da güneş
öỳüme dolananymda
ep esli dolaryn özlügimde…
sebep bar ỳene
garanky we sowuk gijeni ätlätmägä
bir sebep yene ertire çykma,
ỳene ylgaỳaryn ertiri irden
şol bir ỳolun başyna
Türkçeden Atajan Ýusupov terjimesi